ГУЛИМ
Главная | Seyit Ymameddin Nesimi - ГУЛИМ Форум | Регистрация | Вход | BILDIRISHLER
 
Altynjy gün, 20.04.2024, 10:38
Приветствую Вас Гость | RSS
[ Новые сообщения · Участники · Правила форума · Поиск · RSS ]

  • Страница 1 из 1
  • 1
ГУЛИМ Форум » Ylym bilim » Edebiyat » Seyit Ymameddin Nesimi

Seyit Ymameddin Nesimi
MaratДата: İkinji gün, 05.08.2008, 08:29 | Сообщение # 1
Рядовой
Группа: Пользователи
Сообщений: 16
Репутация: 2
Статус: Yatyr
Seэit Ymameddin Nesimi

(1370-1417)

XIV-XV asyrlarda эaєap geзen dьnэд belli tьrkmen єahyry Seэit Ymameddin Nesiminiт doglan wagty we эeri resmi зeєmeler arkaly anyk bolmasa-da, onuт Rumustana degiєli Halap єдherinde, tьrkmenleriт kцp эaєan эerinde dьnэд inendigi barada єeэle rowaэat bar: “Mьsьrde Mansur al-Hallaз dara зekilэдr. Цlmeэдr. Ony parзalaэarlar. Her parзasyndan ses зykyp duransoт gorkup, ony otlaэarlar. Єonuт kьlьnden Zunnun atly ruhany bir gysymyny alyp galэar. Єol wagtam harasat gopup, deтizler joєup, Mьsьri suw basyp baєlaэar. Zunnun єol bir gysym kьli suwa atэar weli, joєgun yzyna gaэdэar. Kьl kцpьrjik bolup, suwuт эьzьnden akyp, derэa arkaly Halaba gelэдr. O эerdenem эaba dьєэдr. Halabyт emiriniт gyzy tцtдnden єol kцpьrjikli suwy iзэдr. Єondanam hamyla bolэar we bir зaga dьnэд inэдr. Oтa Seэit diэip at goээarlar. “ Эцne Ymadutdin hem diээдr ekenler.

Alyєir Nowaэy “Nesaimul Muhubbet” atly tezkiresinde Nesimi barada єeэle maglumat berэдr: “Seэit Nesimi Yrak we Rum tarapdaky mьlkden eken. Rum tьrkmenleriniт dilinde goєgy aэdypdyr. “

Nesimi цzьniт gelip зykyєy boэunзa tьrkmen bolupdyr. Yrakda, Siriэada, Liwanda ir wagtlardan bдri tьrkmenler эaєapdyrlar, olar єol эerlerde hдzirem эaєaэarlar.

Nesiminiт Halapda цldьrilendigi belli.

Nesiminiт dцredijiligi эokary зeperзiligi, зuттur many-mazmunlylygy bilen tapawutlanэar. Ol эaєlygyndan tд jesedinden jany зykэanзa, diriligine derisini soэup durkalaram, goєgy dцredipdir.

Onuт эiti pikiri, цzboluєly, batyrgaэ dьnэдgaraэєy, dцredijiliginiт ruhubelentligi we kцptaraplylygy akylyтy haэran edэдr. Ol gazal эazmakda tьrkmen edebiэatynyт dьэbьni tutujydyr. Onuт gazallarynda gцzellik, gцrk we sцэgi wasp edilmek bilen birlikde цz эaryna bolan garaэєy we gatnaєyklary arkaly kдhalatlarda єahsy duэgulary jemgyэetзilik pikiriniт derejesine зenli цsdьrilэдr. “Olmasyn” gazalynda:

Maтa dilber, эeter sen, цzgeler эar olmasyn,
Bir olar эar, iki olmaz, iki zynhar olmasyn.

diэip, цz pikirini belent ahlak duэgulary bilen utgaєdyrэar. Gazalda єol dцwьrdдki kцp aэallylyga garєy зykylэar, bir эar, bir aэal bilen oттut etmek, эaєamak meэli цтe sьrьlэдr.

Durmuєda hemme adamlar, єol sanda erkek bilen aэal deт bolmalydyr, sцэgi meselesinde azat bolmalydyr diэen oтyn matlap цтe sьrьlэдr. Bu matlap Nowaэynyт sцэgi lirikasynyт iзindenem eriє-argaє bolup geзэдr.

Nesiminiт dцredijiliginde onuт эiti synзylygy дєgдr duэulэar. Onuт kцp sanly єygyrlarynda, єol bir wagtyт цzьnde yєky lirikasynda hem adam hдsiэetleriniт kцp taraplary aзylyp gцrkezilэдr. Єahyr “Bellidir” goєgusynda:

Her kiєiniт sormaт aslyn, yzzatyndan bellidir,
Sцhbeti irfan gцrenler hyzmatyndan bellidir. . .
Eэ, Nesimi, nagdyтy nadan eline berme kim,
Jцwheri dana biler kim gymmatyndan bellidir –

diэmek bilen єahyr adamyт aslyny sorap bilmegiт edepsizlikdigini, цzьni alyp barєyndan, edebinden, hormatyndan, hereketinden, sцz urєundan, oturyp-turєundan, kimdigini aэan edэдndigini belleэдr.

Nesimi dini-sopuзylyk garaэyєly єygyrlar, mesnewi we rubagy hem эazypdyr.

Nesimi цzьni hudaэyт bir bцlegi saэan єahyrdyr. “Enel-hak, menel-hak!” diэip эaєaэar we dцredэдr. Bu “Menem-hak, senem-hak”diэdigidir. Єonuт ьзinem onuт diriligine dabanyndan soэup, derisini sypyryp alэarlar. Bu barada Magtymguly єeэle эazэar:

“Nesimini dabanyndan soэdular. “

Nesiminiт hormaty ata Watany bolan Garaєsyz Tьrkmenistanda belentden tutulэar. Onuт hormatyna dьrli ћanrda eserler dцredildi. I. Nuryэew “Rowaэat”, A. Atajanow “Nesimi”goєgularyny; Andalyp “Nesimi”, A. Agabaэew “Sorag alamaty” poemalaryny; Nazar Gullaэew “Pдhimiт pidasy” tragediэasy esasynda “Nesimi” dramasyny dцretdi. Bu drama sahnalaєdyryldy we tomaєaзylara эetirildi.

1993-nji эylda Nesiminiт єygyrlar diwanynyт ьз jiltligi (tomlugy) neєir edildi.

Tьrkmen sen

Eger ki janda sen, janda nahan sen,
Ki jandan aэry эok sen, belki, jan sen.

Kiєi bermez nyєan senden eger ki,
Эer-u gцk dop-doly jьmle nyєan sen.

Nije gizlu diэem menden seni kim,
Ne эana bakaram anda aэan sen.

Hajel eэlдr ruhuт husn ile aэy,
Meger, sen fitiэeэi ahyrzaman sen.

Arapnyт nutgy baglandy dilinden,
Seni kimdir diэen kim, tьrkmen sen.

Jany terk eэledim, geзdim jahandan,
Seni bildim ki jan ile jahan sen.

Gцrьnen sen, gцren sen-sen gцzьmde,
Ne bar sцэlemeseт, kьlli lisan sen.

Hakykat wehэi mutlakdyr bu sцzler,
Bu sцzi bil ki andan terjiman sen.

Etegiт silk ahyr tozly jahandan,
Ne ahyr zubdeэi kцwnu mekan sen.

Nesimi, sьr bu gьn dцwran seniтdir,
Дjдp kim Hysrowy sahyp zaman sen.

Mendedir

Aєyka, gelgil bдri, jan birle janan mendedir,
Zahyda, sen kaэda sen, nur ile iman mendedir.

Mendedir ol эer-u gцknьт hikmeti hem gudraty,
Ot bile toprak, howa, suw, jьmle ihsan mendedir.

- Hak tagala inderipdir asmandan dцrt kitap,
Men any menzur kylman, зьnki furkan mendedir.

Ne bakar sen ol kitapnyт agyna, garasyna,
Aз gulagyт diтlegil, awazy Gurhan mendedir.

Men – Nesimi soralaram Єahymerdan nesliden,
Ger kabul kylsa halaэyk aэdy gurban mendedir.

Sцzi

Дhli magnynyт hemiєe dьrru merjandyr sцzi,
Ger цzi kьfr olsa olsun gerзi imandyr sцzi.

Iзine bakgyl sen anyт, ne bakar sen daєyna,
Daєyny daєgary taєla, gцwheri kдndir sцzi.

Hak tagaladan saтa her dem geler dьrli hatab,
Rast sцzlдr sцzьni ol єahy destandyr sцzi.

Jahylyт girme sцzьne ki akyl-u dana iseт,
Jahylyт wallah-billдh, kьlli эalgandyr sцzi.

Eэ, Nesimi, kimse bilmez bu magnynyт syrryny,
Sцzle kim дhli magny derde dermandyr sцzi.



 
ГУЛИМ Форум » Ylym bilim » Edebiyat » Seyit Ymameddin Nesimi
  • Страница 1 из 1
  • 1
Поиск:
 



Copyright ГУЛИМ интернейшнал © 2024